Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň orny

1 Aprel 2024
168

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.

Nurana ERLEKOWA
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar