Ýalkymly pursatlar, ýakymly ýatlamalar

1 Aprel 2024
239

Ozal habar berlişi ýaly, 26 — 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada üstünlikli geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden okuwçylaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Onuň jemlerine laýyklykda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň, ikinji orna Türkmenistanyň, üçünji orna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat toparlar mynasyp boldular. Birinji orny eýelän okuwçylaryň toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuterleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi. Ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň okuwçylaryna kümüş we bürünç medallar, diplomlar, «akylly» saglyk sagatlary gowşuryldy. Aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, bäsleşikde Türkmenistanyň okuwçylary jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Taýýarlan Leýli GURBANOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar