Ýaryş iki welaýatyň wekillerini jemledi

1 Aprel 2024
280

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebinde kýokşinkaý karate boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Kerki etrabyndan we Mary welaýatyndan türgenler gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde Kerki etrabynyň türgenleri toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň topary ikinji, Mary welaýatynyň türgenleri bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular.

Sewara ÝAKUBOWA,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiň kýokşinkaý karate boýunça tälimçi-mugallymy.
Beýleki habarlar