Milli oýunlaryň ezberleri

1 Aprel 2024
248

Takylatdy milli oýnumyz boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan ezber türgen Niginabanu Çaryýewa düzzüm boýunça 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenabat şäheriniň birinjiliginde hem öňdeligi hiç bir garşydaşyna gidirmedi. Welaýat merkezinden 28 türgeni özünde jemlän ýaryşda gyzlaryň arasynda ikinji orny Dilnaza Jumanyýazowa, üçünji orny bolsa Selbi Maşaripowa eýeledi. Ýeňiji gyzlaryň üçüsi hem Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy, welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiň türgenidir.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda çempion gyzlar bilen bir mekdepde okaýan türgenler Amir Öwezow bilen Sanjar Öwezow birinji we ikinji orunlary paýlaşdylar. Üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Alibek Ulugbekow eýeledi.

Beýleki habarlar