Gadymy bilim ojagy dünýä ýaýylýar

1 Aprel 2024
270

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar, dürli çäreler biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde hem yzygiderli geçirilýär.

Şu günler institutymyzyň roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýat hünäriniň talyplary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň welaýatymyzda gadamy düşen esasy ýerleriniň biri bolan Idris baba medresesi barada iňlis dilinde makalalar taýýarlanylýar. Halkara neşirleri üçin niýetlenilen makalalary ýazmakda talyp ýoldaşlarymyz halypa mugallymlarymyzyň kömegi bilen akyldar şahyryň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän bilim ojagy baradaky taryhy maglumatlary içgin öwrenýärler. Şunda taryhçy alymlarymyz tarapyndan taýýarlanylan gollanmalar we Halaç etrabynyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň berýän gürrüňleri çeşme hökmünde peýdalanylýar.

Pirguly ANNAKULYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar