ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDE ÝAŞ HARBY GULLUKÇYLAR BILIMLERINI ARTDYRÝARLAR

1 Aprel 2024
322

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly Baştutanlygynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, gümrük işi boýunça guralýan okuw sapaklaryna hem-de halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gatnaşmagyna çäksiz mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli syýasaty bilen gurlan «akylly» Arkadag şäherinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Döwlet gümrük gullugynyň düzümindäki ýaş harby gullukçylar bilen okuw sapaklary guramaçylykly geçirilýär. Bu ýerdäki sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri okuw sapaklaryny ýokary derejede guramaga we harby gullukçylaryň temalary talaba laýyk özleşdirmegine uly itergi berýär. Gullugyň düzümindäki ýaş harby gullukçylar bilen geçirilýän okuw sapaklary kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barlyp, bu sapaklar olaryň geljekde saýlan hünäriniň ökde eýeleri bolmagyna uly itergi berer. Ýaşlaryň şäherinde ýaş harby gullukçylara geçirilýän bu okuw sapaklary olaryň ruhlaryny has-da belende göterip, ukyplaryny ýokarlandyrar. Döwrebap kompýuterleriň we sanly serişdeleriň üsti bilen ýaş harby gullukçylaryň okuw möwsüminde geçen amaly sapaklaryny tejribe üsti bilen berkidýärler. Gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylyşy, milli kanunçylygymyzdan gelip çykýan wezipeler ýaş harby gullukçylara tejribe üsti bilen giňden öwredilýär.

Resul IŞANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Arkadag şäheriniň gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar