Kämilligiň berk binýady

31 Mart 2024
461

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, hil taýdan kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler belent üstünliklere guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek işi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň netijesinde ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we ýörite ugurlary kesgitlenilip, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar.

Bossan MÜRZÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar