Halkara matematika olimpiadasy üstünliklere beslendi

31 Mart 2024
435

Golaýda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Täze taryhy eýýamda ýaş nesillere bilimleri öwretmäge, okatmagyň iň täze usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi bilim ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmekde, şeýle hem oňyn netijeleri gazanmakda diýseň ähmiýetli bolup durýar. Ata Watanymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän mekdepleriň ulanylmaga berilmegi, olaryň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň netijeli bolmagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýaşlaryň tebigy bilimler bilen bir hatarda, dünýä dillerini çuňňur öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine has-da gowy täsir edýär. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen halkara olimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gazanan netijeleri hem muňa şaýatlyk edýär. Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden okuwçylaryň 85-si gatnaşdylar. Olar matematika dersi boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň, ikinji orna Türkmenistanyň, üçünji orna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat toparlar mynasyp boldy. Birinji orny eýelän okuwçylar toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuterleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi. Ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň okuwçylaryna kümüş we bürünç medallar, diplomlar, şeýle hem «akylly» saglyk sagatlary ýadygärlik hökmünde gowşuryldy. Bu sowgatlar okuwçylaryň durmuşynda ýakymly pursatdan ýadygärlik boldy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijesinde Türkmenistanyň okuwçylary jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar