Şöhratlanýar bu gün türkmen sporty

30 Mart 2024
219

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Bu bol­sa jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty wa­gyz et­mek, sport ýur­dy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­le­riň öze­ni bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­tan — spor­tuň ös­ýän ýur­dy, biz mu­ňa di­ňe bir Di­ýa­ry­my­zyň sport ba­ba­tyn­da ýe­ten hal­ka­ra üs­tün­lik­le­ri­niň däl-de, ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len kö­pu­gur­ly sta­di­on­la­ryň, sport top­lum­la­ry­nyň, sport mek­dep­le­ri­niň, be­den­ter­bi­ýe we sa­gal­dyş des­ga­la­ry­nyň hem-de beý­le­ki sport mak­sat­ly bi­na­la­ryň my­sa­lyn­da hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­ýä­ris. «Sport we be­den­ter­bi­ýe dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge bo­lan mak­sa­da­ok­gun­ly­ly­gy hö­wes­len­dir­ýän sag­dyn­ly­gyň hem-de güý­jüň esa­sy çeş­me­si­dir» di­ýip, eziz Di­ýa­ry­my­zyň sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň, spor­tuň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de ga­za­nan ab­ra­ýy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­ýar. Sag­dyn­ly­gyň we güý­jüň esa­sy çeş­me­si bo­lan spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň tu­tuş jem­gy­ýe­ti­mi­zi gur­şap al­ma­gy­ny, ýaş ne­sil­le­riň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak döw­rü­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sport ul­ga­my­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek Ar­kadag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­tyn­da he­mi­şe ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da bol­ma­gyn­da gal­ýar we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýän­di­gi­ne her bi­ri­miz şa­ýat­dy­rys. Sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bol­sa hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň yk­rar eden ha­ky­ka­ty­dyr.

Ker­wen BER­DI­LI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar