Dünýä dilleri — dostluk köprüsi

27 Mart 2024
265

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn we berk bedenli bolmagy ugrunda ýadawsyz alada edilýär. Ylmyň iň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy bilen, ulgamda ägirt uly ösüşler gazanylýar, netijeli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» esaslanyp, orta mekdeplerde ýaş nesillere daşary ýurt dilleri ýokary derejede öwredilýär. Mekdebimizde okuwçylara rus, iňlis dilleri bilen birlikde, ýapon dilini öwretmek hem ýola goýuldy. Mekdebimiziň ýapon dili mugallymlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan ýaşlardygyny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Mekdebimize Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň we beýleki myhmanlaryň gelip görmegi, okuwçylara ýapon diliniň okadylyşyna ýokary baha bermegi guwandyryjydyr. Myhmanlar okuwçylar bilen multimediýa tagtasynda okuw sapagyny geçdiler we Ýaponiýadaky meşhur sakura agajy, ýapon medeniýeti barada täsirli gürrüň berdiler. Ýaponiýanyň medeniýeti bilen bagly sergi myhmanlara uly täsir etdi. Olar mekdebe öz elleri bilen ýasan müň sany ýapon durnasynyň şekillerini we Ýaponiýa bilen bagly žurnallary sowgat berdiler, mugallymlar, okuwçylar bilen ýadygärlik surata düşdüler. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmekde alnyp barylýan işler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Jennet Satymowa,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar