Döwrebap bilim — aýdyň geljek

27 Mart 2024
278

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ýaş nesle daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmekde, okuw sapaklarynyň täsirliligini artdyrmakda görkezme esbaplarydyr tehniki serişdeleriň giňden peýdalanylmagy okuwçylaryň geçilýän sapaklary çuň özleşdirmeklerine ýardam edýär.

Mekdebimizde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk ýola goýulmagy ýaş nesliň bu ugur boýunça has-da kämilleşmegine getirýär. Her bir geçilýän sapagyň ýatda galyjy, täsirli bolmagy üçin görkezme esbaplaryndan, tehniki serişdelerden giňden peýdalanýarys. Dil biliminiň ugurlary boýunça geçilýän sapaklarda ýazuw işleriniň ýeke-täk talaplar boýunça alnyp barylmagy we okuwçylar bilen söhbetdeşlik guralyp, ýörite sorag-jogaplaryň ýola goýulmagy ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşykly geçirilýän synp we okuw sapaklarynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry, söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň many-mazmuny barada okuwçylara düşünje berýäris. Şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny labyzly okamak bilen, okuwçylar olaryň many-mazmuny barada hem öz garaýyşlaryny şol dillerde beýan etmegi başarýarlar.

Gülendam Rahymberdiýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar