Bilimli nesil — kuwwatly Watan

27 Mart 2024
306

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary hilli we çuňňur bilim hem-de mynasyp edep-terbiýe almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim bermegiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, mugallymlaryň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda kämilleşdirilmelidigi barada aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň döwrüň talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek, bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan çuňňur söýgini we wepalylygy terbiýelemek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak esasy maksat bolup durýar.

Kuwwatberdi Mededow,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar