Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy

27 Mart 2024
296

Arkadag şäheri, 26-njy mart (TDH). Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.

Beýleki habarlar