Halkara matematika olimpiadasy — bagtyýar nesilleriň bäsleşigi

26 Mart 2024
440

Häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary esasynda milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ugurda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyna hem uly orun degişli bolup durýar. Munuň şeýledigine häzirki wagtda halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň geçirilýän merkezine öwrülen Arkadag şäherinde ýokary derejede dowam edýän halkara matematika olimpiadasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna ýurdumyzyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylary bilen bir hatarda, dünýäniň dürli döwletlerinden ýaşlar gatnaşýar. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleridir bilim berýän merkezleri, edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ylmy maglumatlary özleşdirmäge, şeýle hem özara pikir we tejribe alyşmaga ýakyndan ýardam berýär. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň geçirilýän şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.

Taýýarlan Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar