Bilim — dostluk köprüsi

26 Mart 2024
454

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we bu tejribäni bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary — elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideomateriallar, tanyşdyryşlar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary we beýlekileri taýýarlamak ýaly işler yzygiderli ýola goýulýar. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda üstünlik gazanyp, belent sepgitlere ýetip, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýärler. Bu günki gün dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine, tebigy we takyk ugurlardan döwrebap bilim almaklaryna giňden ýardam edýär.

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Olimpiada dünýäniň dürli ýurtlaryndan mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Olar matematika dersi boýunça özara bäsleşýärler.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar