Aýdyň maksatlary nazarlap

26 Mart 2024
472

Bilimli ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga oňyn şertleri döretmek maksady bilen Arkadag şäherinde geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna mekdep okuwçylarymyzyň gatnaşmagy biziň üçin uly üstünlikdir.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Çynar Aşyrowa hem-de Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kowus Annamämmedow dagy gatnaşýar.

Ogulmaýsa Annamyradowa,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.
Beýleki habarlar