Ýaş zehinlere buýsanç

26 Mart 2024
532

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ýaş nesliň ýokary hilli bilim, edep-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek we bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesilleri kemala getirmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerim Berdiýew 2022 — 2023-nji okuw ýylynda 8-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda matematika okuw dersinden 1-nji orna mynasyp boldy. Ol şu günler Arkadag şäherinde geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna gatnaşýar. Ýaş zehinlerimiz baýrakly orunlara mynasyp bolar diýip umyt edýäris.

Eziz RAHMANOW,
Türkmenabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.
Beýleki habarlar