Ylma esaslanýan işler

26 Mart 2024
367

Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüşiň baş şerti ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen pugta baglanyşyklydyr. Işleri ylmy esasda ýola goýmak, bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin ylym-bilimi täze derejelere çykarmak, döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda amala aşyrylýan tapgyrlaýyn özgertmeleriň netijesinden görnüşi ýaly, ylym-bilim babatda alnyp barylýan işler biziň röwşen geljegimizi üpjün edýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi gönüden-göni ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan habarly ylmy işgärleriň taýýarlyk derejesine baglydyr. Bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde asylly işler alnyp barylýar. Esasan hem, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryny çuňňur özleşdirmegi, ylmy taýdan taýýarlykly bolmagy üçin şertler döredilýär. Bu ugurda ylmyň we tejribäniň utgaşdyrylyp öwredilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin önümçilik ylym-bilim bilen özara utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Talyplar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik, okuw tejribeliklerine yzygiderli gatnaşdyrylýar.

Intizar KULLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar