Ösüşleriň berk binýady

26 Mart 2024
390

Ylym ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ylym röwşen geljegiň şuglasy hasaplanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we onuň ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň täze gazananlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu günki günde ösüşiň möhüm ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we aýdyň maksatlar öňde goýulýar. Hut şeýle sazlaşykly işleriň netijesinde hem ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler ylmy taýdan aýdyňlygy, halk bähbitliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem bu günki günde bilimli hünärmenlere, olaryň döredijilikli zähmetine uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerine täze hünärleriň ençemesi girizildi.

Çarygeldi MYRATLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar