Azyk harytlarynyň eksporty ýokarlanýar

25 Mart 2024
280

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary bilen, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarda harytlaryň bolçulygyny döretmek, milli önüm öndürijilerimizi höweslendirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýetişdirilýän ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerine daşarky bazarda has köp isleg bildirilýär. Bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyk önümleriniň içerki bazarlardan artýan möçberlerini daşary döwletlere eksport etmek ýola goýuldy. Ýurdumyzda öndürilen haryt nyşanly önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmeginde gümrük amallarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek ugrunda döredilýän amatly şertleriň netijesinde ýerli hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň daşary döwletlere eksport edilýän möçberleri ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň başyndan bäri, ýurdumyzdan eksport edilen azyk önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy. Eksporty ýokarlanýan harytlaryň sanawynda ýurdumyzyň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ter pomidory, sogan, mäş, konditer önümleri, alkogolsyz içgileri, gaplanan gök-bakja we miwe önümlerini agzamak bolar.

Kaýys GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar