Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

25 Mart 2024
295

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Pakistandan hem-de Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň  kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we  kök baldaklary satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 46 million 102 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar