«Unilever» doňdurma önümçiligini aýratyn kompaniýa öwrer

25 Mart 2024
261

Dünýäde gündelik sarp edilýän önümleri öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Unilever» britan-niderland bilelikdäki kompaniýasy doňdurma önümçiligi boýunça biznesini özbaşyna kompaniýa öwürmekçi bolýar. Bu iş şu günlerde başlanyp, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli gutarnykly amala aşyrylar.

«Unilever» kompaniýanyň 2023-nji ýylda doňdurma önümleri boýunça alan girdejisi 7,9 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň bu bölümi dünýäniň iň gowy 10 doňdurmasynyň «Wall's», «Magnum» we «Ben & Jerry's» ýaly jemi 5 brendiniň eýesidir.

Taýýarlan: Aýgül ÇARYÝEWA,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar