Ylmy-barlag institutlary gadymy toprakda

20 Mart 2024
1251

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasyna geldi. Şol gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda geçen ýylyň güýzünde açylan Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk institutlarynyň bu ajaýyp bina göçürilip getirilmegi biziň alymlarymyzyň göwünlerini galkyndyran waka boldy. Dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary derejede abzallaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy barlaglary netijeli alyp barmagy üçin ähli zerur şertler döredilen.

Döwletgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory.
Beýleki habarlar