Ýokary hilli ýüplükler

20 Mart 2024
291

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady  özgertmelere laýyklykda, senagatyň beýleki ulgamlary bilen birlikde, dokma pudagyny täze belentliklere götermek hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat etrabyndaky «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary üstünliklere beslemek ugrunda netijeli zähmet çekilýär. Dünýä belli kompaniýalaryň iň kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen enjamlaşdyrylan toplumda daýhan azabyndan emele gelýän pagta kärhananyň bölümlerinde ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän dürli ölçeglerdäki ýüplüge öwrülýär. Toplumdaky bölümlerde oturdylan kämil enjamlara ýüplük taýýarlamak üçin  zerur bolan çig mal kuwwatly howa sorujy ulgamlar arkaly berilýär.

Ýörite enjamlar süýümi kabul edip, ony hil boýunça toparlara bölýär we daraýjy enjama geçirýär. Toplumyň ikinji bölüminde taýýar ýüplük doly awtomatlaşdyrylan enjamlarda zerur hasaplanan ýogynlykdaky sapaklara öwrülýär. Önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy bu ýerde ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge, olary dürli görnüşli matalary taýýarlamakda giňden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Muhammet Gylyjow.
Beýleki habarlar