Kitaphana işi kämilleşýär

20 Mart 2024
951

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim, medeniýet ulgamlary täzeçe many-mazmuna eýe boldy, özgerdi we kämilleşdi. Medeniýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalar häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde okyjylara hyzmat edýär. Gözbaşyny gadymyýetden alýan milli medeniýetimiziň ruhy binýadyny berkidýän kitaphanalar bu gün döwür bilen aýakdaş. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki zaman elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kitaphanalarda neşir önümlerini aýawly saklamak üçin ähli mümkinçilikler, kitaphana hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin zerur şertler döredilen. Olaryň esasy hazynasy hasaplanylýan kitaplaryň jemgyýetiň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň aň-düşünjesini özgertmekdäki orny juda ýokarydyr. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan kitaplarynda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda beýik özgertmeler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, ykdysady özgerişler, ýaşlar syýasaty, türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, medeniýeti we sungaty, ýurdumyzyň gözel tebigaty ylmy taýdan hem, pelsepewi nukdaýnazardan hem giňden şöhlelendirilýär.

Kitaphanalaryň ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr. Söze sarpa — kitaba sarpa, kitaba sarpa — kitaphanalara sarpa. Kitaphanalara goýulýan sarpa bolsa milli medeniýetimize, medeni mirasymyza goýulýan sarpadyr.

Jahan Gulyýewa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçe merkezi kitaphanasynyň direktory.
Beýleki habarlar