Edebi-döredijilik bäsleşigi jemlenildi

20 Mart 2024
318

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny» atly okuw-usuly maslahaty we edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirildi.

Maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilen bäsleşikde ýeňijiler ýokary okuw mekdepleri, orta hünär okuw mekdepleri we umumybilim berýän orta mekdepler boýunça aýry-aýrylykda yglan edildi.

Aknur BAHTYÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar