Kämilligiň berk binýady

19 Mart 2024
502

Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky ösüşleriň esasy hereketlendirijisine öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlarynyň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolsa sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň güwäsidir. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilim edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy, talyp ýaşlaryň döwrebap taslamalary durmuşa geçirmekleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär» diýip belleýär.

Esen HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar