Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

17 Mart 2024
432

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, sanly ulgamy durmuşa geçirmekde uly ösüşler gazanylýar. Muny ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşlere beslenýändiginde, sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýändiginde görmek bolýar. Häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Tehnologiýalaryň ösmegi bilen, sanly ulgam ynsanyň ýaşaýyş durmuşynda pugta orun aldy. Şonuň üçin hem sanly tehnologiýalary ylmy esasda öwrenmek, täze mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak alymlaryň asylly maksatlary bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalara we ylmyň iň täze gazananlaryna oňat düşünýän bilimli ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetimizde talyplaryň bu ugurdan düýpli bilim almaklarynda tagallalar edilýär. Esasan hem, informatika we hasaplaýyş tehnikasy boýunça kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Munuň özi tehnologiýa, maglumat ulgamlaryna ylmy esasda düşünýän ýaşlaryň, bilimli hünärmenleriň, ýaş alymlaryň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegi ähli bilim ojaklarynda döwrebap işleriň durmuşa geçirilýändigini beýan edýär. Bu ýagdaý sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýeti kemala getirmegi şertlendirýär.

Aýgözel ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar