Ösüşlere beslenýän özgertmeler

17 Mart 2024
375

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda belent maksatlar rowaçlanýar. Hut şonuň üçin hem her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini aýdyň maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen berk baglanyşdyrmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär.

Jennet BABAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar