Kitap — gymmat bahaly sowgat

17 Mart 2024
410

«Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys» diýip, meşhur söz ussatlarynyň biri juda jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan hem, kitap — iň wepaly dost, durmuşda iň ýakyn syrdaş, mydama dogry ýollary salgy berýän, kyn pursatlardan baş alyp çykmagy öwredýän iň gowy maslahatçy.

Şöhratly taryhymyza ýüzlensek, akyldarlar, ilki bilen, kitapdan, soňra durmuş tejribesinden ugur alypdyrlar. Üns berip görseňiz, paýhasly adamlaryň ählisi-de gün tertibinde hökmany suratda kitap okamaga wagt aýyrýandyr. Kitap diňe bir özünde bar bolan maglumatlary size ýetirmek bilen çäklenmän, pikirleniş endikleriniň ösmegine, dürli ýagdaýlarda çalt netije çykaryp bilmek ukybynyň kämilleşmegine, özüňde gowy adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmek arkaly adamlar bilen oňyn aragatnaşyk saklamaga ýardam berýär.

Kerwen BERDILIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar