Bilim bermekde döwrebap usullar

16 Mart 2024
359

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir.

“Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, döwrebap pikirli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar.

Jumahal INAÝATOWA
Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy
Beýleki habarlar