Dil öwrenmek döwletlilikden nyşan

15 Mart 2024
259

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär. Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar. Bu günki günde daşary ýurt dilleri orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Döwrümiziň ösmegi bilen sapaklary okatmagyň hem iň döwrebap usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak sapak geçmegiň esasy ugruna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar.

Jorakuly BIKMAMEDOW
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy
Beýleki habarlar