Aşgabadyň Halkara howa menzili tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar

16 Mart 2024
353

Düýn geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurduň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine ýardam edýär.

Beýleki habarlar