Bilim

15 Mart 2024
411

Bäsleşikleriň welaýat tapgyrlary geçirildi

Golaýda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemi jemlendi. Emin agzalary mugallymlaryň sapakda sanly tehnologiýalardan, döwrebap okuw usulyýetinden peýdalanyşyna, çagalar bilen özara gatnaşygy ýola goýşuna, ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylaryň tertip-düzgünine baha berdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, baş baýraga Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Suraý Araztaganowa mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Aýbibi Rejepowa birinji, Görogly etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bossan Muhammedowa ikinji, Köneürgenç etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljennet Begmyradowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar