Türkmen ynsanperwerliginiň nusgasy

14 Mart 2024
620

Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň belent waspnamasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Çuňňur many-mazmuna beslenen eseri her gezek okanyňda, dürli oý-pikirlere berleniňi duýman galýarsyň. Çünki onda halkymyzyň durmuş filosofiýasy, pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri, ýaş nesilleri terbiýelemekdäki halk pedagogikasynyň inçe syrlary, zähmet terbiýesi, watansöýüjilik, taryhyň altyn sahypalary açylyp görkezilýär. Magtymguly Pyragy hem öňdengörüjilikli ylham joşgunynyň beýany bolan «Türkmen binasy» atly şygrynda: «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, //Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýmek bilen, halkymyzyň dowamat-dowam bolan döwletlilik ýörelgesini dabaralandyrypdyr. Akyldaryň pikiriçe, türkmen binasy Zeminiň berk galasydyr, türkmen döwleti erkanalygyň, kämilligiň mekanydyr.

Milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda her bir halk üçin onuň ösüşiniň dünýäniň gymmatlyklaryny kemala getirmegiň usuly hökmünde öz milli gymmatlyklaryny we paýhasyny, aňyýetini kämilleşdirmäge ymtylmagyndan başlanýandygyny belleýär. Taryhda ýurdumyzyň çäginde dürli ösüşleriň we medeniýetleriň gülläp ösen döwürleri kän bolupdyr. 

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar