Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwaty barha pugtalanýar

13 Mart 2024
261

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary derejä çykarmagyň usullary hem ösdürilýär. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä bazarynda hem görnükli orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny ulanmaga bermegi hem bu ugurda täze ädimdir.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.

Rähmet KERIMOW
Çärjew etrabynyň 57-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy
Beýleki habarlar