Gyzyl deňizdäki ýük gatnawlary Russiýanyň demir ýollaryna isleg bildirýär

14 Mart 2024
248

«Financial Times» iňlis neşiriniň habar berşi ýaly, Gyzyl deňizde ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda, Sues kanalynyň üstünden uzaýan deňiz gatnawynyň azalmagy Russiýanyň demir ýollarynyň mümkinçilikleri esasynda ýük daşamaga bolan islegi artdyrdy.

Dekabr aýyndan bäri konteýner gämileriniň Gyzyl deňizde sezewar bolýan kynçylyklary sebäpli, alternatiw ugurlary gözlemäge mejbur bolýan taraplaryň Russiýanyň demir ýol ugurlarynda ýük daşamaga bildirýän islegleriniň takmynan 40% ýokarlanandygyny «DHL» habar berýär.

Beýleki habarlar