Döwre mynasyp önümler

13 Mart 2024
312

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynda işler barha öňe ilerleýär. 2006-njy ýylda ulanyşa berlen kärhana iki sany toplumdan ybarat bolup, olar tikin we aýakgap önümçiliklerini özünde jemleýär. Tikin önümçiliginde tikin we trikotaž önümleri öndürilip, olar ýörite sargytlar esasynda öndürilýän geýimlerden, ýorgan-düşeklerden, ýassykdaşylardan, güpbülerden, çaga eşiklerinden ybaratdyr. Öndürilýän önümleriň hili ýokary derejededir. Bu ýerde şeýle hem telekeçileriň sargytlary esasynda ýörite geýimler tikilýär.

Kärhananyň aýakgap önümçiligi bölüminde çagalar we uly ýaşly adamlar üçin döwrebap köwüşler, ýantorbalar, gündelik geýilýän aýakgaplar, işçi aýakgaplary we beýlekiler öndürilýär. Bu önümler häzirki wagtda içerki bazarda elýeterli bahalardan alyjylara hödürlenýär.

Aýzada Muhammedowa,
«Balkan».
Beýleki habarlar