Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

13 Mart 2024
327

Halkymyz milli gymmatlyklarymyza, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyza, adatlarymyza uly hormat goýýar, sarpalaýar. Bu asylly ýörelge ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlyklara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi jemgyýetimiziň

ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda, zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgelerini dowam etdirmekde, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna rowaçlyklara beslenýär hem-de ýaş nesillerimize bilim öwretmek, milli ruhda terbiýelemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň guwandyryjy netijelerini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda aýdyň görýäris.

Handurdy Handurdyýew,
Bereket etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar