Bagtly geljegimiziň binýady

13 Mart 2024
315

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ýaş nesiller hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Ajaýyp zamanada «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Mekdeplerde okuw sapaklaryny sanly serişdeleriň üsti bilen geçmeklik giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaşlar iň amatly şertlerde bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik alýarlar.

Guwançnazar Dowjanow,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar