Nagt däl hasaplaşyklaryň ähmiýeti

13 Mart 2024
555

Ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron-söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň geçirilmegine mümkinçilikleriň açylmagy müşderiler üçin örän peýdalydyr. Çünki olar pul serişdelerini, şonuň ýaly-da wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Bank kartlarynyň, terminallaryň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmegiň, tölegleri tölemegiň müşderi üçin has-da amatlydygyny bellemek ýerliklidir. «Cash back» atly hyzmat görnüşi barada aýdylanda, onda kärendeçi kartlar hem-de goýum kartlar arkaly hasaplaşyk geçirilende müşderiniň tölän möçberiniň 2 göterimi möçberindäki pul serişdesi onuň kartyna düşýär. Mysal hökmünde getirsek, terminaldan edilen söwda 1 müň manatlyk bolsa «Cash back» hyzmaty bilen 20 manat müşderiniň peýdasyna galýar.

Merjen BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-nyň welaýat şahamçasynyň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar