Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

13 Mart 2024
245

Ynamdar goragyň aýdyň güwäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijileri gazanylýar. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredilen gurama hökmünde eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda halkymyza ygtybarly hyzmatlaryny hödürläp gelýär.

Beýleki habarlar