Täze desga açyldy

13 Mart 2024
669

Şu gün — 13-nji martda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bütin halkymyzy buýsandyrdy.

Kuwwatlylygy 1 million tonnadan gowrak sement öndürmäge ukyply bolan zawodyň täze desgasy Germaniýanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň döwrebap kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu ýerde ilatymyzyň zähmet çekmegi üçin 250-den gowrak täze iş orunlary açyldy.

«Güneş».
Beýleki habarlar