Hytaý intermodal ýük gatnawlaryny ösdürmek üçin maýa goýýar

13 Mart 2024
280

Hytaýda port infrastrukturasyny ösdürmek we birnäçe täze demir ýol köprülerini gurmak ýaly 187 taslama üçin serişdeler bölünip berildi. HHR-iň Ulag ministrliginiň bellemegine görä, bu Dalýanyň konteýner dolanyşygyny 12% ýokarlandyrar. 

“Dalýan, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň we Päkistana umman ugurlaryny işjeň ýagdaýda açar, bir ýylyň içinde bäş sany täze konteýner ýoluny goşar, şeýle hem deňiz we gury ýollary ulanyp, Hytaýyň-Ýewropanyň täze ugurlaryny döreder. Bu bolsa deňiz we demir ýol intermodal ýük daşamagy 3 göterim ýokarlandyrar, şeýle hem port ýygymlaryny gowulandyrar” – diýlip, Hytaýyň ulag ministrliginde bellenilip geçildi.

Beýleki habarlar