JICA Türkmenistana Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde gümrük hyzmatdaşlygyny hödürledi

12 Mart 2024
393

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kenji Ogasahara türkmen tarapyna Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi üçin gümrük işlerinde hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde ýükleri gümrük taýdan resmileşdirme işleri bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar