Geologlaryň netijeli işleri

11 Mart 2024
325

Täze nebitli we gazly ýataklary artdyrmagyň we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini ýokarlandyrmak «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, gözleg işine täze tehnologiýalary we ylmy barlaglary ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-geofizika we buraw işlerini talabalaýyk geçirýär. Korporasiýanyň alyp barýan işleriniň netijesinde Türkmenistanda nebite, gaza baý bolan ýataklaryň ençemesi ýüze çykaryldy, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň, ýerasty suwlaryň ägirt uly gorlarynyň bardygy subut edildi.

Guwanç MERETDURDYÝEW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik, ylym we tilsimatlar bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar