Daşdan döreýän baýlyk ýa-da sement önümçiligi hakynda

11 Mart 2024
298

Dagyň alkymyndaky kände ýaýrap ýatan iri daşlary «demir eline» dolduryp, onlarça tonna ýüki daşamaga ukyply awtoulagyň nowasyna guýýan ekskawatoryň işini synlanyňda, ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ynsan durmuşyny näderejede ýeňilleşdirýändigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Köpetdagyň alkymyndaky dag-magdan känindäki hek daşyndan ýüküni tutan kuwwatly ulaglar depeleriň arasyndan geçýän egrem-bugram ýoly külterläp, birnäçe kilometr gaýradaky önümçilik toplumyna — Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodyna barýar. Şol ýerde millionlarça ýyl dagyň jümmüşinde ýatan çig mal gaýtadan işlenilip, dünýäde iň köp peýdalanylýan gurluşyk serişdesi — sement öndürilýär. Hut şeýle känler we olardaky magdanlardan sement öndürýän zawodlar ýurdumyzyň günbatarynda Uly Balkan dagynyň, gündogarynda bolsa Köýtendagyň alkymynda hereket edip, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Belent depeden ileriňdäki Köpetdagyň gerişlerini we gaýraňdaky uç-gyraksyz sährany synlap durşuňa, üsti hem, asty hem baýlyk-bereketden doly mekanda gurýan we döredýän halkymyzyň bagtyna guwanýarsyň.

Taryha nazar salsaň...

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar