Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisiniň çäginde göçme birža söwdasy geçirildi

11 Mart 2024
358

5-nji martda paýtagtymyzda geçirilen owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy guraldy.

Birža söwdalaryna Türkmenistanyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Wirjin adalarynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň işewürleri gatnaşdylar. Söwdalara gatnaşan wekiller özleriniň gyzyklanma bildiren dürli önümlerini satyn almak ýa-da satmak barada degişli söwda geleşiklerini baglaşdylar.

Beýleki habarlar