Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

11 Mart 2024
276

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 75 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistandan, Wirjin adalaryndan, Beýik Britaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjandan hem-de Serbiýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, awiakerosini, yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk önümleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen guradylan buýan köküniň ekstrakty satyn alyndy. Bulardan başga-da, el halylary we dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 109 million 641 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar