OGUZ HAN TÜRKMEN

11 Mart 2024
361

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

«ELBETDE, DUŞMANA SYÝASAT ÝAGŞY». Bu sözleriň Görogly begiň zybanyndan çykan sözlerdigini bilýäris. Ýöne bu pähimiň hem Oguz han atamyzdan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Oguz han nirä ýöriş etse, ilki ol ýere ilçi ýollapdyr. Ilçiler boljak jeňiň öňüni almak üçin duşmana uruşsyz boýun egmegi teklip edipdirler. Ýogsam yzdan Oguz hanyň kuwwatly goşunynyň ýetip gelýändigini aýdyp, olar duşmanyň howuny basypdyrlar. Sözümizi «Oguznamadan» alnan mysallar bilen delillendireliň: «Oguz han Antalýa şäherine ýöriş edende, ogullarynyň eline peýkam (peýkam – ilçilik alamaty – J.G.) berip, goşunyň öňünden iberýär. Oguzyň ogullary şäheriň häkimi Tekfura şeýle ýüzlenýärler: «Atamyz bizi dokuz müň kişi (birle) iberipdir we özi hem uly çerik birle geledir. Eger çünançe (şu mahal) bize itaat (tabyn) kylyp il bolursiz – any bileli, ýok erse, pitne üstündesiňiz, geliň, harb kylaly (söweşeli)».

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar